Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml: Öňümizdäki halkara çärelerinde Putin Tramp bilen gepleşikleri geçirmäge taýýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Kreml Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp bilen şu ýylyň ahyryna çenli üç sammitde gepleşikleri geçirip biljekdigini aýdýar.

Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow 31-nji awgustda “Izwestia” gazetinde çap edilen interwýusynda iki lideriň arasyndaky gepleşikleriň Singapurda, Fransiýada we Argentinada boljak nobatdaky halkara çärelerinde geçirilmeginiň mümkindigini aýtdy.

Peskowyň sözlerine görä, Kreml şeýle gepleşikleri geçirmäge örän islegli, ýöne “ähli zat ikitaraplaýyn gatnaşyklara bagly”.

11-nji noýabrda Birinji Jahan urşunyň tamamlanmagynyň ýüz ýyllygyny bellemek üçin bu konflikte gatnaşan ähli ýurtlaryň liderleri Fransiýada ýygnanýar.

Şeýle-de, Putin bilen Trampyň 11-15-nji noýabr aralygynda Singapurda geçiriljek Gündogar Aziýa sammitine we 30-njy noýabrda Argentinanyň Buenos Aýres şäherinde başlajak iki günlük G20 sammitine hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Putin we Tramp 16-njy iýulda Finlýandiýanyň Helsinki şäherinde ikiçäk gepleşikleri geçiripdiler. Iki lider hem gepleşikleriň öndümli we şowly bolandygyny aýdypdylar.

Tramp öz prezident kampaniýasy döwründe we prezidentlige girişenden soň, Russiýa we Putin bilen has gowy gatnaşyklary ýola goýmaga isleglidigini tekrarlap geldi. Ol, hususan-da, Helsinkidäki duşuşykdan soň, Putin bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda özüni alyp barşy üçin Birleşen Ştatlaryň kanunçykaryjylary, şol sanda respublikanlaryň esasy agzalary tarapyndan ýiti tankyt edildi.

ABŞ-nyň aňtaw agentlikleri, kanun goraýjy edaralary we kongresiň binýadyndaky toparlar Moskwanyň kiber hüjüm hem-de jemgyýetçilik garaýyşlaryny manipulýasiýa etmek arkaly döwlet guramaçylygynda durmuşa geçirilen kampaniýalaryň üsti bilen ABŞ-da 2016-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna gatyşandygy barada netijä gelendiklerine garamazdan, Tramp metbugat ýygnagynyň dowamynda Putiniň saýlawlara Orsýetiň gatyşygyny inkär etmegini alga alýan çemeli çykyş etdi.

Şeýle-de, tankytçylaryň köpüsi iki lideriň ýüz-ýüze geçiren duşuşygynda eger ylalaşyk gazanylan bolsa, şol ylalaşyklaryň ýazgysynyň ýokdugyndan şikaýat etdi.

Diňe terjimeçileriň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda edilen gürrüňleriň jikme-jikleri barada liderleriň hiç biri hem maglumat ýaýratmady.

XS
SM
MD
LG