Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan türk-gyrgyz gatnaşyklarynyň has pugtalandyrylmagyna çagyrýar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan gyrgyz kärdeşi Sooronbaý Žeenbekow bilen, Bişkek. 1-nji sentýabr, 2018.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Merkezi Aziýa ýurduna edýän iki günlük resmi sapary mahalynda Gyrgyzystan bilen has ýakyndan gatnaşyk gurulmagyna çagyrdy.

1-nji sentýabrda Bişkekde gyrgyz prezidenti Sooronbýa Žeenbekow bilen geçirilen gepleşiklerinden soň çykyp gürlän Erdogan iki ýurduň arasynda has kän kommersiýa howa gatnawynyň gurulmagyna hem-de Gyrgyzystanda aeroportlaryň gaýtadan gurulmak işlerinde Türkiýä rol berilmegine çagyrdy.

Erdogan 2016-njy ýylda Türkiýede bolan döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soňky ugursyz ikitaraplaýyn gatnaşyklara dolanyp gelmek islemeýändigini aýtdy, şonda Ankara ABŞ-da ýaşaýan türk ruhanysy Fethulla Güleni aýyplapdy we ol bu işiň arkasynda durandygy barada aýdylýanlaryret edipdi.

Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew Türkiýäniň başa barmadyk agdarylyşyk synanyşgyndan soňky hereketlerini tankyt etdi. Bu hereketler onlarça müň adamyň, şol sanda döwlet gullukçylarynyň, žurnalistleriň we mugallymlaryň Gülen goldawçysy bolmakda aýyplanyp tussag edilmegine, işden kowulmagyna getiripdi.

Gepleşiklerden soň Žeenbekow Bişkegiň Ankara bilen gatnaşyklary gowulandyrmaga hem-de täze derejä çykarmaga taýýardygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG