Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Yrakdaky jeňçilere raketa geçirýändigi baradaky habary ret edýär


Eýaranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Bahram Kasemi

Eýran Yrakdaky şaýy ýaranlarynyň milisiýa toparlaryny ballistik raketalar bilen üpjün edýändigi, olara şol ýerde öz raketa kuwwatlyklaryny gurmaga ýardam berýändigi barada “Roýters” habar agentliginiň ýaýrdan maglumatyny ret etdi.

Eýranyň IRNA habar agentliginiň 1-nji sentýabrdaky maglumatyna görä, "Beýle galp we gülkünç habaryň Eýranyň daşary gatnaşyklaryna, hususan-da öz goňşulary bilen alyp barýan gatnaşyklaryna täsir ýetirmekden başga maksady bolup bilmez” diýip, Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Bahram Kasemi aýtdy.

“Roýters” 31-nji awgustda üç sany eýran resmisine we Yrakdaky aňtaw çeşmeleriniň ikisine, şeýle-de iki sany günbatar aňtaw çeşmesine salgylanyp, soňky birnäçe aýda Eýranyň gysga aralyga ýetýän ballistik raketalary Yrakdaky ýaranlaryna iberendigini habar berdi.

Şeýle-de bu habarda birnäçe resminiň Tähran Yrakdaky toparlaryň özleriniň raketa öndürip başlamagyna kömek edýär diýendigi aýdylýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 1-nji sentýabrda twitterde özüniň Eýranyň Yraga ballistik raketalary iberýändigi baradaky “habardan düýpli alada galandygyny” aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG