Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda Moldowanyň dikuçary heläkçilige uçrady


Mi-8 dikuçary. Illýustrasiýa

Owganystanyň demirgazygynda Moldowa kompaniýasynyň eýeçiligindäki bir dikuçar heläkçilige uçrady. Wakada ýolagçylaryň azyndan 12-si, şol sanda iki ukrain raýaty we 10 owgan esgeri öldi.

Moldowa resmileriniň beren maglumatyna görä, Mi-8 kysymly dikuçar Balh welaýatynyň Mazar-e Şerif şäheriniň golaýyndaky harby bazadan howa galandan soň, ýere gaçypdyr. Hadysada iki adam aman galmagy başarypdyr.

Owganystanyň demirgazygyndaky güýçleriň kommandiriniň orunbasary Nazer Khuda Pamiri dikuçaryň “tehniki näsazlyklar” sebäpli ýere gaçandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG