Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada “adam iýiji” pensiýa reformasyna garşy protest geçdi


Russiýada pensiýa reformasyna garşy protest geçdi. 2-nji sentýabr, 2018 ý.
Russiýada pensiýa reformasyna garşy protest geçdi. 2-nji sentýabr, 2018 ý.

Russiýada müňlerçe adam ýurtda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan pensiýa reformasyna garşy protest geçirdiler.

“Biz tutuş Russiýa boýunça adam iýiji reformalara garşy protest geçirýäris” diýip, Kommusntik Partiýanyň lideri Gennadiý Zýuganow Moskwada ýygnanan müňlerçe demonstrantyň öňünde çykyş etdi.

Protestler beýleki şäherler bilen birlikde, ýurduň ikinji uly şäheri Sankt-Peterburga, Uralyň Ýekaterinburgynda, Sibiriň Nowosibirskinde, Uzak Gündogaryň port şäheri Wladiwostokda dagy hem geçirildi.

Iýulda parlament hökümetiň aýallaryň pensiýa çykmak ýaşyny 63-e, erkekleriňkini hem 65-e çykarmak baradaky planlaryny deslapky ýagdaýda oňlady.

Nägilelikleriň fonunda, 29-njy awgustda rus prezidenti Wladimir Putin aýallaryň pensiýa çykmak ýaşyny sekiz ýyla däl-de, 5 ýyla çenli uzaltmagy teklip etdi.

XS
SM
MD
LG