Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneýi ýurduň harby güýçleriniň goranmak mümkinçiliklerini artdyrmaga çagyrdy.
Khameneýi harby kommandirlere ýüzlenip “häzirki syýasy ýagdaýlardan ugur alynsa, onda harby urşuň turjakdygy gümana. Ýöne, onda-da harby güýçlerimiz hüşgär bolmaly... we özüniň şahsy we maddy mümkinçiliklerini artdyrmaly” diýipdir.
Prezident Donald Tramp ABŞ-ny 2015-nji ýyldaky Eýranyň Ýadro ylalaşygyndan çykarandan soň, Waşington bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklar ýitileşdi.