Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda kanunçykaryjylar täze prezidenti saýladylar


Arif Alwi
Arif Alwi

Pakistanda kanunçykaryjylar häkimiýet başyndaky Tehrik-e Insaf partiýasynyň dalaşgäri Arif Alwini ýurduň nobatdaky prezidenti hökmünde saýladylar.

Pakistanda prezident Milli Assambleýa, Senat we ýurduň dört welaýatynyň assambleýalary tarapyndan saýlanýar.

Sişenbe güni geçirilen ses berlişikde Alwiniň aňsatlyk bilen ýeňiş gazanmagyna garaşylýardy. Mundan iki hepde ozal, ozalky kriket ýyldyzy Imran Khan premýer-ministr saýlanypdy.

Ýurduň häzirki prezidenti Mamnnun Husseýn, bäş ýyllyk prezidentlik möhletinden soň, 8-nji sentýabrda wezipesinden çekiler.

XS
SM
MD
LG