Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Pakistana sapar edýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Pakistana edýän ilkinji saparynyň çäginde ýurduň täze premýer-ministri Imran Khan bilen geçirjek gepleşikleriniň netijesinde, iki ýurduň arasyndaky dartgynly gatnaşyklaryň “gowşajakdygyna” umyt edýändigini aýtdy.

Pompeo ABŞ-nyň tankytçysy Khan we täsirli armiýa ýolbaşçysy general Kamar Jawed Bajwa bilen Yslamabatda duşuşar.

Şu ýyl ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy, Yslamabadyň Owganystan bilen serhedindäki jeňçilere garşy göreşmekde ýeterlik tagalla etmeýändigini aýdyp, Pakistana berýän harby hemaýatyny çäklendirdi.

Şu hepde Pentagon ozal ýatyrylan 500 million dollarlyk hemaýatdan başga-da, 300 million dollarlyk kömegiň togtadylýandygyny mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG