Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Osetiýada esgerleriň günäli tapylmagy protestleri döretdi


Gürjüstandan öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden Günorta Osetiýa regionyndaky serhet belgileri. 18-nji iýun, 2018 ý.
Gürjüstandan öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden Günorta Osetiýa regionyndaky serhet belgileri. 18-nji iýun, 2018 ý.

Gürjüstandan öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden Günorta Osetiýa regionynda rus harby bazasyndaky iki esgeriň ofiserleri urmakda günäli tapylmagy köpçülikleýin protestleri döretdi.

Ýerli harby sud Zelim Albegowy 3,5 ýyl we Arsen Slanowy 18 aý koloniýa höküm etdi. Olar jeza hökmünde saklanylýan ýerine golaý zawodlarda we fermalarda işlediler. Esgerler 2017-nji ýylyň maýynda iki rus ofiserini urmakda günäli tapyldylar.

Sud hökümi çykarandan soň, aýyplanýanlaryň ýakynlary galmagal turuzdylar we suda gargyş okadylar. Şeýle-de, 100-e golaý adam suduň hökümine garşy çykyp, ýöriş geçirdi.

XS
SM
MD
LG