Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Ýadro ylalaşygy ýatyrylsa, uraniumy baýlaşdyryp başlajakdygyny aýdýar


Eýranda öndürilen sentrifugalar. Arhiw suraty
Eýranda öndürilen sentrifugalar. Arhiw suraty

Eýran eger-de Russiýa, Hytaý we Ýewropa döwletleri ABŞ ýaly 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygyna hormat goýmagyny bes etseler, onda özüniň ýadro programmasyny täzeden başlatjakdygyny we urainimy has köp mukdarda baýlaşdyrjakdygyny aýdyp, haýbat atdy.

Bu barada Eýranyň atom energiýa guramasynyň metbugat wekili ýerli mediada çykyş etdi.

2015-nji ýylda baglaşylýan Ýadro ylalaşygyna laýyklykda, Tähranyň özüniň ýadro programmasyndan el çekmeginiň öwezine, oňa garşy girizilen halkara sanksiýalary gowşadylypdy. Eýran Ylalaşyk ýatyrylsa, özüniň ýadro programmasyny täzeden başlatjakdygyny aýdyp, ençeme gezek haýbat atypdy.

Maý aýynda prezident Donald Tramp ABŞ-ny bu Ylalaşykdan çykardy. Şol bir wagtda, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Hytaý, Russiýa we Ýewropa Bileleşigi Ylalaşyga ygrarly bolup galýandyklaryny mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG