Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde tussag orderi boýunça brifing geçirer


Aleksandr Petrow (çepde) we Ruslan Boşirow.

Britaniýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Angliýada ozalky rus içalysynyň nerw agenti bilen zäherlenmegi bilen baglylykda çykaran tussag orderi boýunça brifing geçirer.

Britaniýanyň BMG-däki ilçisi Karen Pierse Salisbury şäheride ozalky rus içalysy Sergeý Skripalyň we onuň gyzy Ýuliýanyň zäherlenmegi boýunça tapylan delilleri hödürlär.

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý 4-nji martdaky hüjümi rus harby aňtaw gullugynyň iki ofiseriniň amala aşyrandygyny aýtdy.

“Biziň martda hem belleýşimiz ýaly, Salisburydaky hüjümi amala aşyrmak üçin diňe Russiýada tehniki mümkinçilikleri, dolandyryş tejribesi we esasy bardy” diýip, Maý belledi.

Prokuratura Aleksandr Petrowa we Ruslan Boşirowa adam öldürmek synanyşygy we himiki ýaraglaryň ulanylmagy boýunça aýyplamalaryň bildirilýändigini aýtdy. Polisiýa olaryň suratlaryny hem çap etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG