Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň Howpsuzlyk ministri Skripalyň zäherlenmeginden Putiniň “jogapkärdigini” aýdýar


2018-nji ýylyň 5-nji sentýabr güni Britaniýanyň polisiýasy Aleksandr Petrow (sagda) bilen Ruslan Boşirowyň (çepde) suratlaryny ýaýratdy
2018-nji ýylyň 5-nji sentýabr güni Britaniýanyň polisiýasy Aleksandr Petrow (sagda) bilen Ruslan Boşirowyň (çepde) suratlaryny ýaýratdy

Ozalky rus içalysynyň we onuň gyzynyň mart aýynda Angliýada “nerw-agenti” bilen zäherlenmeginden soňy bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin jogapkärdir diýip, Britaniýanyň howpsuzlyk ministri aýtdy.

6-njy sentýabrda eden çykyşynda Ben Wallas (Ben Wallace) Putiniň GRU diýlip tanalýan rus harby razwedkasyny “dolandyrýandygyny, maliýeleşdirýändigini we ony ugrukdyrýandygyny” aýtdy. Britaniýa öňki içaly Sergeý Skripala we onuň gyzy Ýuliýa garşy mart aýynda “Nowiçok” atly “nerw-agentini” ulanmakda rus harby razwedkasyny aýyplaýar.

Olaryň ikisi-de hüjümde aman galdy we olaryň häzirki wagtda saglygyny dikeldýändigi habar berilýär.

Wallasdan hüjüme Putiniň jogapkärdigi, ýa-da däldigi soralanda, ol: “Soňy bilen şol jogapkär. Ol Russiýa Federasiýasynyň prezidenti, hem-de şonuň hökümeti harby razwedkany dolandyrýar, maliýeleşdirýär, we ony ugrukdyrýar” diýip, BBC kanalyna gürrüň berdi.

“Men kimdir biri döwletiň gözegçiliginiň jenap Putinde däldigini aýdyp biler diýip, pikir edemok” diýip, Wallas aýtdy.

“Rus harby razwedkasy hem, gürrüňsiz, başly-baratly ýer däldir” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Zäheriň galyndylarynyň üstünde büdränden soň, iýun aýynda britan raýaty Dawn Sturgess ölüp, onuň halaşýan ýigidi Çarliý Rowliý (Charlie Rowley) kesele ýolugypdy.

Orsýet zäher boýunça öz gatyşygyny ret edip, özüniň derňew bilen bagly hyzmatdaşlyga isleg bildirýändigini aýtdy.

Salizburi hüjüminen güman eidlýänler: Aleksandr Petrow (çepde), Ruslan Boşirow (sagda). Polisiýa gulluklary olaryň atlarynyň dakma atdygyny çaklaýar
Salizburi hüjüminen güman eidlýänler: Aleksandr Petrow (çepde), Ruslan Boşirow (sagda). Polisiýa gulluklary olaryň atlarynyň dakma atdygyny çaklaýar

5-nji sentýabrda Britaniýa Aleksandr Petrow we Ruslan Boşirow diýlip anyklanan iki rus raýatyna garşy gaýybana aýyplama bildirdi, ýöne olaryň atlarynyň dakma atlardygyna ynanylýar. Bu iki adamyň GRU-nyň agentleridigine ynanylýar.

Premýer-ministr Tereza Meý parlamentde eden çykyşynda hüjümiň “rus döwletiniň ýokary wezipeli adamlarynyň tabşyrygy bilen” amala aşyrylandygyny aýtdy.

Ol bu hüjümiň “rus döwleti bilen bagly meselelere gatnaşygy bolup, başga ýerlerde ýaşaýan adamlara sapak bermegi” maksat edinendigini aýtdy.

Wallas BBC kanalyna beren gürrüňinde Britaniýanyň “Orsýetiň zyýanly işlerini hukuk we mümkinçilikleriň çäginde bar bolan ähli gurallary ulanmak arkaly yza serpikdirmäge” niýetlidigini aýtdy.

Birleşen Karollyk 6-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine öz tapan netijeleri boýunça maglumat berer.

XS
SM
MD
LG