Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda welosipedçileri öldürmekde aýyplanýanyň ejesi öz üstüne ýangyç guýdy


Gülhehra Şodmonowa polisiýa tarapyndan tussaghana äkidildi.

Täjigistanda daşary ýurtly welosipedçileri öldürmekde şübhelenýäniň ejesi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Duşenbedäki edarasynyň öňünde öz üstüne ýangyç guýdy.

Gülhehra Şodmonowa polisiýa tarapyndan tussaghana äkidildi. Şodmonowa ÝHHG tarapyndan maliýeleşdirilýän adam hukuklary boýunça konferensiýa ýurtda gadagan edilen Täjigistanyň Yslam Galkyşynyň Partiýasynyň lideri, Muhiddin Kabiriniň, gatnaşamagyna protest bildirdi.

Şodmonowa Kabiriniň öz ogly Husseýin Abdusamadowa ýaramaz täsir edip, ýalňyş ýola ugrugdyrandygyny aýdýar.

Abdusamadowyň 29-njy iýulda Täjigistanda daşary ýurtly welosipedçilere hüjüm etmekde aýyplanýan bäş adama “ýolbaşçylyk edendigi” aýdylýar. Şol wakada, hüjümçiler ulagy welosipedçileriň üstüne sürüp, soňy bilen-de iki ABŞ-ly, bir şwesiýaly we bir golland raýatyny öldürdiler.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistik topary öz üstüne aldy. Şol bir wagtda, täjik resmileri hüjümçileriň Yslam Galkynyş Partiýasynyň agzalary bolandygyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG