Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ŽGK: Özbegistan metbugat azatlygyna “çynlakaý” çemeleşmeýär


Prezident Şawkat Mirziýoýew
Prezident Şawkat Mirziýoýew

Žurnalistleri Goramak boýunça Komitet (ŽGK) özbek resmilerine ýüzlenip, ýurtda sosial we dini meseleleri gozgaýan bloggerleri yzarlamagy bes etmäge we dini maglumatlary ýazandygy üçin tussag edilen dört adamy azatlyga goýbermäge çagyrdy.

Maglumata görä, 28-nji awgust-2-nji sentýabr aralygynda Adham Olimow, Ziýodulla Kabirow, Otabek Usmanow we Khurşidbek Muhammadrozikow tussag edilipdirler.

“Özbegistan bloggerleri yzarlamak bilen, ýurtda metbugat azatlygyny gowulandyrmaga çynlakaý çemeleşmeýändigini görkezdi” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Komitet belledi.

Özbegistanda ozalky prezident Yslam Kerimow döwri Yslam we musulmanlar döwletiň berk gözegçiliginde saklanýardy. 2016-njy ýylda häkimiýet başyna geçen Şawkat Mirziýoýew ýurdy Kerimowyň syýasatyndan daşlaşdyrmak ugrunda tagalla edip başlady.

XS
SM
MD
LG