Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen telekeçileri Wena sapar edýärler


Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary. Arhiw suraty.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary. Arhiw suraty.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň delegasiýasy ýewropa ýurtlarynyň işewür toparlary bilen duşuşmak üçin Wena geldi. Bu barada resmi türkmen metbugaty habar berýär.

Maglumata görä, türkmen hususy telekeçileri öz önümleriniň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna eksportyny öwrenmekligi meýilleşdirýärler, şeýle-de gök önümleri, miweleri we türkmen bakça ösümliklerini eksport etmäge ymtylýarlar.

Mundanam başga, Awstriýanyň paýtagtynda türkmen önüm öndürijileriniň sergisi geçiriler.

Şol bir wagtda, ýerli synçylar türkmen häkimiýetleriniň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň üsti bilen ýurduň hususy pudagynda monopoliýany döredendiklerini belleýärler.

XS
SM
MD
LG