Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Forum 18: Türkmenistanda şu ýyl dini ynanjy üçin dokuz adam tussaglyga höküm edildi


Türkmenistandaky bir türme.
Türkmenistandaky bir türme.

Türkmenistanda şu ýylyň hasabyna öz dini ynanjy üçin tussaglyga höküm edilenleriň sany dokuza ýetdi diýip, dini azatlyklara gözegçilik edýän “Forum 18” topary maglumat berýär.

Toparyň maglumatyna görä, höküm edilenleriň ählisi Ýegowa şaýatlary bolup, olar, öz dini ynanjyna laýyklykda, mejbury harby gullugy geçmekden ýüz öwrüpdirler. Tussaglyga höküm edilenler 18-24 ýaş aralygyndaky oglanlar.

Soňky iş boýunça, 27-nji awgustda 18 ýaşly Söhbet Agamyradow Marynyň sudy tarapyndan bir ýyl zähmet lagerine höküm edilipdir.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Din azatlygy boýunça hasabatynda Türkmenistana aýratyn alada döredýän ýurt hökmünde garamak teklip edilýär. Onda Türkmenistanyň postsowet giňişliginiň iň ýapyk ýurdy bolmagyna galýandygy we munuň hökümetiň din azatlygyna görkezýän güýçli repressiýalaryna täsir ýetirýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG