Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek aýyplanýany Trampyň twitlerine salgylanyp, ölüm jezasynyň berilmezligini soraýar


Saýfullo Saýipow

Nýu-Ýorkda adamlaryň üstüne ýük ulagyny sürüp, sekiz adamy öldürmekde aýyplanýanyň aklawçylary, prezident Donald Trampyň Twitter hasabyndaky ýazgylaryna salgylanyp, Saýfullo Saýipowa ölüm jezasynyň berilmezligini soradylar.

Saýipowyň aklawçylary Trampyň oňa ölüm jezasynyň berilmegine çagyrandygyny, şol sebäpli prokurorlaryň berilmeli jezany soranlarynda obýektiw bolup bilmejekdiklerini öňe sürdüler.

Tramp 1-nji noýabrda özüniň Twitter hasabynda: “Nýu-Ýork terroristi öz hassahana otagynda [“Yslam döwleti” toparynyň] baýdagynyň asylmagyny soranynda özüni gaty bagtly duýýardy. Ol sekiz adamy öldürdi, 12-sini hem agyr ýaralady. ÖLÜM JEZASY BERILMELI!” diýen ýazgy galdyrdy.

Tramp soňky twitlerinde Saýipowy “azgyn haýwan” hem diýip atlandyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG