Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hyradyň Oba etrabynda bolan çaknyşykda dokuz ofiser öldürildi


Hyrat. Janyndan geçeniň hüjüminden soňky pursat. 9-njy awgust, 2018
Hyrat. Janyndan geçeniň hüjüminden soňky pursat. 9-njy awgust, 2018

Owgan resmileri günbatardaky Hyrat welaýatynda pitneçiler tarapyndan guralan hüjümde azyndan 9 sany howpsuzlyk ofiseriniň öldürilendigini, ýene bäşisiniň bolsa ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

Hyradyň welaýat gubernatorynyň sözçüsi Jilani Farhad Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna 9-njy sentýabrda bir gün ozal Oba etrabynda bolan çaknyşykda howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 10 sany ýaragly hüjümçini öldürendiklerini, 5-sini bolsa ýaralandyklaryny gürrüň berdi.

"Bu sebite howpsuzlyk güýçleriniň esgerleri ýerleşdirildi we ol ýer indi şolaryň kontrollygynda” diýip, Farhad aýtdy.

Ol bu hüjümiň “Talyban” tarapyndan guralandygyny aýtdy, emma jeňçi topar häzirlikçe bu hadysa barada hiç zat aýtmady.

XS
SM
MD
LG