Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýada protestlerde ‘1 müňden hem köp demonstrant tussag edildi’


Polisiýa işgärleri protestçini tussag edýärler. Moskwa. 9-njy sentýabr, 2018 ý.

Russiýada häkimiýetleriň pensiýa ýaşyny artdyrmak planlaryna garşy geçirilen protestlerde 1,000-den hem aşa adamyň tussag edilendigi aýdylýar.

Protestler regional we ýerli saýlawlaryň geçirilýän gününe gabat gurnaldy. Demonstrasiýalar sebäpli ses bermäge gelenleriň sanynyň az bolandygy hem bellenilýär. Saýlaw uçastoklarynyň ýapylmagyna iki sagat galanda ses bermäge gelenleriň 28%-e deň bolandygy habar berildi.

OWD-Info habar gullugy Russiýanyň 33 şäherinde geçirilen protestlerde azyndan 1 müň 18 protestçiniň tussag edilendigini aýdýar. Maglumata görä, iň köp demonstrant, ýagny 452 adam ýurduň ikinji uly şäheri Sankt-Peterburgda tussag edilipdir.

Ýörişler geçen aý oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnyý tarapyndan çagyrylypdy. Ol ýanwar aýynda köpçülikleýin ýerlerde ýygnanmak düzgünlerini bozmakda aýyplanyp, 30 gün türme tussaglygyna höküm edilidi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG