Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa giň gerimli harby-tälim türgenleşigi geçirýär


Russiýanyň harbylary
Russiýanyň harbylary

Russiýa özüniň merkezi we gündogar regionlarynda giň gerimli harby-tälim türgenleşigi geçirip başlady. Russiýanyň Goranmak ministrligi hepdäniň ahyryna çenli dowam etjek türgenleşige 300 müň harbynyň gatnaşjakdygyny aýdýar. Bu Sowuk urşy döwründe geçirilen iň uly sowet harby-tälim türgenleşiginden hem iki esse uludyr.

11-17-nji sentýabr aralygynda geçirilýän harby-tälim türgenleşigi “Wostok-2018” diýlip atlandyrylýar we bu Moskwa tarapyndan soňky on ýyllyklardaky ýa-da taryhdaky iň uly harby-tälim türgenleşik diýlip görkezilýär. Moskwa bilen Günbataryň arasynda dartgynlylygyň ýokary derejä ýeten mahaly geçirilýän bu harby-tälim türgenleşige NATO ýakyndan syn edýär.

“Wostok-2018” harby-tälim türgenleşigi barada NATO-nyň habarly edilendigini we muňa bileleşigiň syn edýändigini, NATO-nyň metbugat wekili Dylan White awgust aýynyň ahyrynda aýdypdy.

11-13-nji sentýabr aralygynda Russiýanyň Wladiwostok şäherindäki ykdysady forumyň çäginde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň bu harby-tälim türgenleşigine gysga wagtlaýyn syn etmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG