Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Dünýäde açlykdan ejir çekýän adamlaryň sany artýar


Kongodaky saglyk merkezleriniň birine getirilen we doýa-gana iýmitlenmedik çaga
Kongodaky saglyk merkezleriniň birine getirilen we doýa-gana iýmitlenmedik çaga

Dünýäde açlykdan ejir çekýän adamlaryň sany soňky üç ýylyň dowamynda artyp, mundan on ýyl ozalky derejesine ýetdi diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatynda aýdylýar.

11-nji sentýabrda ýaýradylan hasabatda 2017-nji ýylda 821 million adamyň, ýagny plantedaky her dokuz adamdan biriniň doýa-gana naharlanmandygy bellenilýär.

“Dünýäde azyk howpsuzlygynyň we iýmitlenişiň ýagdaýy” atly hasabatda Afrikada we Günorta Amerikada açlygyň barha ýitileşýändigi aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, dünýäde kämillik ýaşyna ýeten adamlaryň 672 millionynyň semizlikden ejir çekýändigi hem bellenilýär.

Hasabatda dünýäde açlykdan ejir çekýän adamlaryň artmagyna dürli ýagdaýlaryň, şol sanda klimat bilen baglanyşykly wakalaryň, uruş we ýowuzlyklaryň sebäp bolýandygy nygtalýar.

XS
SM
MD
LG