Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Ýaponiýa bilen parahatçylyk ylalaşygyna şu ýylyň ahyryna çenli gol goýmagy teklip etdi


Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin “hiç hili deslapky şertler bolmazdan”, Ýaponiýa bilen Ikinji Jahan urşy baradaky parahatçylyk ylalaşygyna şu ýylyň ahyryna çenli gol goýmagy teklip etdi.

Putin bu garaşylmadyk teklibini, 12-nji sentýabrda Russiýanyň Wladiwostok şäherinde geçirilýän ykdysady forumda Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abeniň gapdalynda oturan mahaly etdi.

Abe Putine ençeme adanyň eýeçiligi dogrusynda iki ýurduň arasynda onlarça ýyl bäri dowam edýän dawany çözmek we ylalaşyk meselesini ýatladansoň, Russiýanyň prezidenti: “Bu pikir şu wagt meniň kelläme geldi” diýdi.

“Geliň, hiç hili deslapky şertler bolmazdan, parahatçylyk ylalaşygyny şu ýylyň ahyryna çenli tamamlaly” diýip, Putin dawaly meseleleriň soňra çözülip biljekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Abe Putiniň teklibine dessine jogap bermedi.

XS
SM
MD
LG