Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan bosguny ABŞ-nyň kanun çykaryjy organyndaky orun üçin geçirilen deslapky saýlawda ýeňiş gazandy


Birleşen Ştatlarda 27 ýaşyndaky owgan bosguny Amerikanyň Nýu-Hempşir ştatyndaky kanun çykaryjy organda orun almak üçin geçirilen ses berişligiň başlangyç – Demokratik partiýadaky bölüminde ýeňiş gazandy. Safiýa Wazir gürrüňi edilýän kanun çykaryjy organda dört möhlet bilen wezipede oturan demokrat bäsdeşi Dick Patteni ozup geçdi.

Saýlaw kampaniýasy döwründe Patten “Waziriň bosgun hökmünde syýasy tejribesiniň azlygy onuň saýlawda üstünlik gazanmak mümkinçiliklerine zeper ýetirip biler” diýipdi.

Wazir jemgyýetçilikdäki işjeň ýyllaryna hem-de bilim we maşgala meselelerine gönükdirilen saýlaw kampaniýasyndan soň, 11-nji sentýabrda deslapky ýeňşi gazandy.

Wazir we onuň maşgalasy 2007-nji ýylda Owganystandan ABŞ-nyň Nýu-Hempşir ştatynyň paýtagty Konkorda geldi.

Nýu-Hempşiriň resmileriniň aýtmagyna görä, eger Wazir noýabr aýynda geçiriljek saýlawda respublikanlardan Dennis Soucy ýeňip geçse, onda ol ABŞ-nyň bu ştatynda döwlet wezipesini eýelejek ilkinji bosgun bolar.

XS
SM
MD
LG