Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanda kömür käninde dörän hadysada dokuz adam öldi


Pakistanly magdançylar. Arhiw suraty.

Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda bir kömür käniniň üçeginiň agmagy netijesinde dokuz magdançy öldi, başga-da dördüsi ýaralandy.

Darra Adam Khel şäherinde ýüze çykan hadysanyň sebäpleri häzirlikçe belli däl.

Resmiler ýaralanan dört magdançynyň ikisiniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdylar.

Bu soňky aýda Pakistanda ýüze çykan şeýle hadysanyň ikinjisidir. 13-nji awgustda Kwetta şäheriniň golaýyndaky kömür käninde dörän partlamada azyndan 18 adam ölüpdi.

Tankytçylar ýurduň kömür känlerinde howpsuzlyk şertleriniň talaba laýyk berjaý edilmeýändigini aýdýarlar.

Pakistanyň Magdançylar Merkezi Federasiýasy her ýylda heläkçilikli hadysalar sebäpli 200 töweregi magdançynyň ölýändigini aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG