Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝHHG-niň Warşawadaky maslahatynda täjik resmisi aktiwiste ýumruk atdy


ÝHHG-niň Warşawadaky maslahatynda täjik resmisi aktiwiste ýumruk atdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:53 0:00

ÝHHG-niň Warşawadaky maslahatynda täjik resmisi aktiwiste ýumruk atdy

Ýewropada adam hukuklaryna we demokratiýa bagyşlanyp geçirilýän ýyllyk maslahatda täjik hökümet resmileriniň oppozisiýa aktiwistleri bilen ýakalaşýan pursatlaryny görkezýän wideo peýda boldy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Warşawada geçýän Adam ölçegleri maslahatynyň çäginde täjik delegasiýasynyň bir wekili aktiwiste ýumruk atdy. Bu waka 11-nji sentýabrda günortanlyk arakesmesi döwri ýüze çykdy.

Aktiwistleriň biri Täjigistanda gadagan edilen oppozisiýadaky Yslam Galkynyş partiýasynyň ozalky wekili, häzir bolsa hökümet delegasiýasynyň düzüminde maslahata gelen Aýomiddin Sattarowa “Syýasy tussaglary azatlyga goýberiň” diýen ýazgyly kagyzy gowşurdy.

Aktiwistleri biri muny surata düşürjek bolanda, täjik delegasiýanyň başga bir wekili oňa ýumruk atdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG