Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tussaglykdaky Sentsow Saharow baýragyna hödürlendi


Oleh Sentsow

Ýewropa kanunçykaryjylary rus türmesinde dört aý çemesi wagt bäri açlyk çekýän ukrain režisýory Oleh Sentsowy pikir azatlygy üçin berilýän Saharow baýragyna hödürlediler.

Merkesi-sagçy Ýewropanyň Halk Partiýasy bu baradaky kararyny Twitterde paýlaşyp, Sentsowyň Russiýada “bikanun tussaglykda saklanýandygyny” hem belledi.

Ýewropa Parlamentiniň wekilleri öz dalaşgärlerini 27-nji sentýabrda hödürlärler. Baýragyň laureaty bolsa, 25-nji oktýabrda yglan ediler.

Krymda dogulan Sentsow 2014-nji ýylda Russiýanyň Krymy basyp almagyna garşy çykypdy. Ol rus sudy tarapyndan terrorizm aýyplamalarynda 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Hukuk goraýjy toparlar oňa bildirilýän aýyplamalary syýasy matlaplara esaslanýandygyny aýdýarlar.

Sentsow özüniň syýasy tussaglar diýip häsiýetlendiren 64 ukrain raýatynyň rus türmelerinden boşadylmagyny talap edip, 14-nji maýda açlyga başlady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG