Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp saýlawlara daşardan gatyşmakçy bolýanlara garşy karar kabul etdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýurduň saýlawlaryna täsir ýetirjek bolýan daşary ýurtlylaryň jezalandyrylmagyny göz öňünde tutýan karara gol goýdy. Emma, demokratlar we käbir respublikanlar munuň ýeterlik däldigini aýdyp, çykyş etdiler.

Mundan öň, Tramp we onuň administrasiýasy ABŞ-nyň saýlawlaryna daşardan, hususanda 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna gatyşandygy aýdylýan Russiýadan abanýan howplara ýeterlik derejede ähmiýet bermezlikde tankytlanypdy.

ABŞ-nyň harby we kanun goraýjy edaralary 6-njy noýabrda geçmeli kongres saýlawlaryna howpuň abanyp biljekdigini duýdurypdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG