Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serb prezidenti Kosowo bilen ylalaşyk üçin ÝB agza bolmagyň kepil geçilmelidigini aýtdy


Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç, Belgrad, 13-nji sentýabr, 2018.

Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç goňşy Kosowo bilen uzaga çeken dawalaryň çözgüdi ugrundaky islendik ylalaşygyň Ýewropa Bileleşiginiň bu ýurdy öz agzalarynyň hataryna goşjagyna kepilnamasyny öz içine almalydygyny belledi.

"Eger biz [Kosowo] bilen haçan-da bir ylalaşyk baglaşsak, bize Serbiýanyň 2025-nji ýylda ÝB-niň agza ýurdy boljagyna kepil gerek bolar" diýip, Wuçiç Reuters agentliginiň 13-nji sentýabrda çap eden interwýusynda aýtdy.

ÝB Serbiýanyň we onuň öňki regiony Kosowonyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kadalaşmagynyň ýurtlaryň ikisiniň-de bileleşige agza bolmagy üçin esasy şert bolup durýandygyny aýdypdy.

Serbiýa 1999-njy ýylda ýurtda gozgalaňy basyp ýatyrmak boýunça dowam eden iki ýyllyk uruşda serb güýçleriniň albanlary gyrmagyny bes etmek üçin NATO-nyň ýurdy bombalamagyndan soň Kosowo regionyna öz gözegçiligini ýitiripdi.

Kosowonyň 2008-nji ýylda yglan eden garaşsyzlygyny dünýäniň 100-den gowrak ýurdy ykrar etdi. Emma Serbiýa ret etdi.

XS
SM
MD
LG