Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa Lawrowa Siriýada 'gumanitar betbagtçylygynyň' ähtimaldygy barada duýdurar


Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas (ç) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Moskwa, 10-njy sentýabr, 2018.
Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas (ç) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Moskwa, 10-njy sentýabr, 2018.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň ABŞ bilen gatnaşyklardaky durgunlylygy bes etmäge taýýardygyny aýtdy, emma ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky "rusofobiýanyň" öňegidişligi bökdeýändigini belledi.

14-nji sentýabrda Germaniýanyň liderleri bilen gepleşik geçirmek üçin bu ýurda sapar edýän Lawrow "Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklary petikden çykarmak ugrundaky ýoluň öz bölegimizden geçmäge taýýar" diýip, dpa agentligine aýdy.

"Biz [ABŞ-nyň prezidenti Donald] Trampyň ýurtlarymyzyň arasynda kadaly dialogy ýola goýmaga islegi baradaky çykyşlaryny çynlakaý kabul edýäris" diýip, Lawrow belledi.

Tramp amerikan demokratlaryň we käbir respublikanlaryň tankytlaryna garamazdan, Orsýet we prezident Wladimir Putin bilen gatnaşyklary gowulandyrmaga ymtylýar. Olar Trampy ABŞ-nyň saýlawlaryna güman edilýän goşulyşmagy we beýleki meselelerde Moskwa ýeterlik basyş etmezlikde tankyt edýärler.

XS
SM
MD
LG