Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Britaniýanyň Skripaly zäherlemekde güman edilýänlere degişli talabyna seretjegini aýdýar


Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow
Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow

Kreml Britaniýanyň öňki gizlin agenti zäherlemekde güman edýän iki adamy soraga çekmek baradaky islendik talabyna özüniň orsýet kanunlarynyň esasynda çemeleşjekdigini aýdýar.

Emma Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow şeýle talabyň entek edilmändigini aýtdy.

Britaniýa iki adamy Ruslan Boşirowy we Aleksandr Petrowy öňki gizlin agent Sergeý Skripaly we onuň gyzy Ýuliýany zäherlemäge synanyşmakda we olaryň Salisbury şäherindäki öýüniň girelgesine nerwe täsir ýetiriji harby maddany sepmekde aýyplaýar.

Peskow 14-nji sentýabrda eden çykyşynda Skripallaryň zäherlenmegine Orsýetiň gatnaşygyny ýene-de ret etdi.

Peskowyň bu çykyşy özlerini Ruslan Boşirow we Aleksandr Petrow diýip tanadan iki adamyň Orsýetiň RT telekanalynda eden çykyşynda özleriniň GRU aňtaw gullugyna gatnaşygynyň ýokdugyny we özleriniň Salisbury şäherine syýahatçy bolup barandygyny aýtmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Britaniýanyň premýer-ministriniň metbugat-wekili James Slak agzalan iki adamyň çykyşyny "ýalançylyk we gödek galplaşdyrma" diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG