Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti özüniň ABŞ-a etjek iş sapary baradaky buýruga gol çekdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-de çykyş edýär. Arhiw suraty. 25-nji sentýabr, 2015.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-de çykyş edýär. Arhiw suraty. 25-nji sentýabr, 2015.

TDH prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy sentýabr-2-nji oktýabr aralygynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapar etjekdigini habar berýär.

Döwlet baştutany anna güni geçiren hökümet maslahatynyň dowamynda öz baştutanlygyndaky hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň we ýanynda bolýan adamlaryň sanawyny tassyklady.

Neşiriň maglumatyna görä, saparyň çäklerinde Türkmen-amerikan işewürler geňeşi görnüşinde duşuşyk guramak nazarda tutulýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýyllyk adam hukuklary hasabatlarynda Türkmenistan ýylyň-ýylyna adam hukuklaryny gödek bozmakda tankyt edilýär.

XS
SM
MD
LG