Şweýsar hökümeti golland häkimiýetleriniň şu ýylyň başynda himiki ýarag barlaglaryny geçirýän şweýsar laboratoriýasyna döwüp girmek synanyşygynda güman edilen iki sany rus içalysyny tussag edendigini we ýurtdan çykarandygyny tassyk etdi.
Moskwa bu aýdylýanlary ret etse-de, Şweýsariýa rus ilçisini çagyryp, “hüjüm synanyşygy” üçin protest bildirdi. Bu Günbataryň rus içalyçylygy we beýleki gatyşma hereketleri barada aýdanlarynyň iň täze mysaly bolup durýar.
Bu gezek gürrüňi edilýän “Spiez” laboratoriýasy boldy, onda martda Angliýada zäherlenen ozalky rus içalysy Sergeý Skripalyň we onuň gyzynyň garşysyna ulanylan zäheriň maddalary analiz edilýärdi.
Şweýsariýanyň Federal aňtaw gullugynyň 14-nji sentýabrda AP habar gullugyna beren tassyknamasy Gollandiýanyň “NRC Handelsblad” we Şwesiýanyň “Tages-Anzeiger” gazetleriniň rus harby razwedkasynyň agentleri bolmakda güman edilip, şu ýylyň başynda Niderlandiýadan kowlup çykarylan iki orsýetli baradaky habarlarynyň yz ýanyna gabat geldi.
“Tages-Anzieger” ol iki orsýetliniň ýazda Haaga şäherinde tussag edilendigini aýdýar, emma bu wakanyň anyk nirede we haçan bolandygyny aýdyňlaşdyrmaýar.
Şweýsariýanyň DIM-i 14-nji sentýabrda "bu hüjüm synanyşygyna garşy protest bildirmek üçin" rus ilçisini açgyrandygyny we şweýsar topragyndaky içalyçylyk herekeklerini "derhal bes etmegi" talap edendiklerini aýtdy.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bu aýyplamlary ret etdi we beýle habaryň jemgyýetçilige ýetmeginiň näme üçin beýle uzaga çekendigini sorag astyna aldy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.