Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zäherlenmekde güman edilýän rus aktiwisti bejergi almak üçin Berline geldi


Rus aktiwisti Pýotr Werzilow (Pyotr Verzilov), 2013 ý.

Rus aktiwisti, Kremle garşy rok topary “Pussy Riotyň” we dissident sungat truppasy “Voinanyň” agzasy Pýotr Werzilow (Pyotr Verzilov), alýan medisina bejergisini dowam etdirmek üçin, uçarly Moskwadan Berline getirildi. Ol zäherlnmekde güman edilýär.

Germaniýanyň “Bild” gazeti 15-nji sentýabrda 30 ýaşyndaky Werzilowyň Berlinde ady aýdylmaýan bir hasshanada ýerleşdiriljekdigini habar berdi. Maşgala agzalary näsagyň gözleriniň görmeýändigini, dilden we ýöremekden galandygyny, emma huşuna gelendigini aýdýarlar.

Gazet onuň ozalky aýaly Nadežda Tolokonnikowanyň Werzilowy Berliniň “Schoenefeld Airportynda” garşylandygyny habar berdi.

“Men onuň bilkastdan zäherlenendigine şübhelenmeýärin, bu ony gorkuzmak ýa öldürmek üçin edilen bolmaly” diýip, “Bild” dissidentiň öňki aýalynyň sözlerini sitirledi.

Şeýle-de gazet Werzilowy görkezýän wideony çap etdi we onuň ejesiniň hem Berline gelendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG