Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda apy-tupan sebäpli 2 million adam ewakuasiýa edildi


Manghkut Filippinlerde 64 adamyň ölmegine sebäp boldy.
Manghkut Filippinlerde 64 adamyň ölmegine sebäp boldy.

Hytaýyň günortasyndaky Guangdong welaýatynda, Mangkhut apy-tupanynyň gelmegi howatyrlanmalary sebäpli, 2.4 milliondan gowrak adam ewakuasiýa edildi. Mundan öň, bu apy-tupan Filippinlerde we Gong Kongda uly weýrançylyklara we onlarça adamyň ölmegine sebäp bolupdy.

Gong Konguň resmileri tebigy harasatyň “güýçli zyýan ýetirendigini’, şeýle-de onuň netijesinde 300 töweregi adamyň ýaralanandygyny mälim etdiler.

Şenbe güni Manghkut Filippinlere baryp ýetipdi. Ýerli polisiýa hadysada 64 adamyň ölendigini, 43-niň hem dereksiz ýitendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG