Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şweýsariýa Moskwany ‘bikanun hereketlerini bes etmäge’ çagyrdy


Şweýsariýa Moskwanyň öz ýurdunda içalylyk hereketlerini bes etmäge çagyrdy.

Şweýsariýa Moskwany öz ýurdunda içalylyk hereketlerini bes etmäge çagyrdy. Mundan öň, içalylaryň gatnaşmagyna çalym edýän iki waka ýüze çykarylypdy.

“Şweýsariýanyň Daşary Işler Departamenti Russiýanyň şweýsar territoriýasynda özüniň bikanun hereketlerini dessine togtatmaga çagyrýar” diýip, beýanatda aýdylýar.

Şweýsar ministrligi rus hereketlerine protest bildirmek üçin, Russiýanyň Berndäki ilçisi Sergeý Garmoniniň çagyrylandygyny hem mälim etdi.

Beýanatda anyk haýsy ýagdaýlar barada gürrüň edilýändigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Emma, mundan öň rus içalylarynyň ozalky rus içalysy Sergeý Srkipaly zäherlemek üçin ulanylan nerw agentiniň seljerilýän Spiez şäherindäki labaratoriýasyna girmekçi bolandyklary barada maglumat peýda bolupdy. Bu labaratoriýada Siriýa hökümetiniň ulanandygy çaklanylýan ýaraglar hem seljerilýär.

XS
SM
MD
LG