Türkmenistan “Boeing 737 MAX 7” kysymly 3 sany uçary, şol sanda wajyp uçuşlar üçin niýetlenen bir uçary satyn alar.
Munuň bilen baglylykda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň giňeldilen mejlisiniň dowamynda ABŞ-nyň “Boeing” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berýän karara gol goýdy.
Resmi maglumata laýyklykda, uçarlar ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen satyn alynýar.
Şol bir wagtda, 1992-nji ýylda döredilen “Türkmenhowýollary’ gullugy ýolagçylara edilýän hyzmatyň hili boýunça pes bahalary alýar.