Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bazarlarda bahalar ‘çakdan aşa ýokarlandy, galp harytlar köpelýär’


Il arasynda "Mir bazar" atlandyrylýan bazar, ýanwar 2018-nji ýyl (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň bazarlarynda bahalar ýerli ilatyň lapyny keç edýär; şeýle-de, ýurduň bazarlarynda daşary ýurtlaryň önümleri azalyp, olaryň ornuny ýerli önümler tutup başlady, “ýöne Türkmenistanda öndürilen önümleriň hili pes” diýip, Azatlygyň habarçysy maglumat berýär.

  • 1 kilogram et 38 manat, 1 kilogram jylka et 59 manat
  • Iň arzan çöregiň 1 sanysy 6-7 manat
  • 50 kilogramlyk 1 halta bugdaý 380 manat diýip, habarçy aýtdy.

Ol ýerli önümleriň bahalaryny daşary ýurtda öndürilýänler bilen deňeşdirdi:

“Mysal üçin, 20 manatlyk “Colgate” diş pastalarynyň ornuna Türkmenistanda öndürilen 17 manatlyk ýerli diş pastalary peýda bolup başlady” diýip, habarçy belleýär.

Ol bu önümiň gutusynyň daşynyň edil “Colgate” diş pastalarynyňka meňzeýändigini, ýöne hil taýdan olaryň pesdigini sözüne goşdy.

Ýerli metbugat geçirilýän hökümet maslahatlarynda ýurtda ýerli önümçiligiň ýokarlandyrylmagyny gazanmagyň ugurlarynyň maslahat edilýändigini yzygiderli habar berýär.

“Soňky döwürde galp, hili pes, “dublikat” şampunlar döredi. Olaryň gabyna daşary döwletleriň hakyky markalarynyň ady goýlan, ýöne olar hakykysyndan 5-6 manat arzan satylýar” diýip, habarçy belledi.

Ol ýasamasy ýasalýan senagat önümleriniň hatarynda “Polmaliw” (Palmolive), “Woş end go” (Wash & Go), “Hed end Şoulders” (Head & Shoulders) ýaly şampunlary agzady.

“250 gramlyk şapmunyň hakykysy 60 manat bolsa, onuň galp ýasalany 52 manatdan bahalanýar” diýip, habarçy belledi.

Ol bazarlardaky beýleki senagat harytlarynyň bahalary we hili barada gürrüňe dowam etdi.

“Gap çanak ýuwujy serişdelerden “Feýri” (Fairy) serişdesiniň bir gutusy öňler 5-7 manatdan geçmezdi. Häzir şu önümiň hakykysynyň bahasy 55 manat, onuň galp ýasalan ýasama görnüşiniň bahasy 40 manat” diýip, habarçy aýtdy.

Ol daşary döwletlerden import edilýän kir ýuwujy serişdelere talabyň güýçlidigini aýtdy, ýöne olaryň bahasynyň örän gymmatdygyny sözüne goşdy.

“Agramy 500 gramlyk “Ariel” atly kir ýuwujy serişdeleriň ozallar bahasy 10 manatdan geçmezdi, häzirki wagtda şolar 70 manatdan bahalanýar. Käbir söwdegärler olary 80 manatdan satýar” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlygyň ýurduň içinden howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atsyz çykyş edýän habarçysy hojalyk harytlarynyň bahalarynyň çakdan aşa gymmatlandygyny habar berdi.

“Hojalyk tehnikalary diňe daşary döwletlerden getirilýär, heniz bu önümleri Türkmenistanda galp öndürip bilýän kärhana ýok” diýip, habarçy belledi.

Türkmen hökümeti elektronik enjamlaryň ýerli önümçiligini ösdürmekde tagalla edýändigini öňe sürýär.

Golaýda ýerli media Türkmenistanda öndürilendigi aýdylýan oýunjak kompýuterler barada giňişleýin habar berdi.

Türkmenistan kompýuteri öndürendigini aýdýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:58 0:00

Mundan ozal ýerli kärhanalaryň öndürmegi göz öňünde tutýan lampoçkalary barada resmi maglumatlar peýda bolupdy.

Türkmenistanda öndürilýän harytlar barada maglumat berýän Turkmenexporters.com atly ýerli bir saýtda ýurtda öndürilýän önümleriň hatarynda miwe suwlary, buýan kökünden ýasalan dermanlyk içgiler, öl salfetkalar, pagtadan ýasalan önümler, ketçup, süýt önümleri we beýleki käbir azyk, hem-de gurluşyk harytlary agzalýar.

Azatlygyň habarçysy ortaça “LG” markaly tozan sorujynyň bahasynyň ozallar 500 manada durandygyny, şolaryň häzirki wagtda 4200 manatdan satylýandygyny aýtdy.

“Ortaça kir ýuwujy maşyn 2 müň 600 manatdy, häzir 10 müň manat. Mikro tolkunly peçleriň iň arzany 7 müň manatdan başlanýar, öňler bu peçleriň iň gowusyny 1500 manada satyn alyp bolýardy” diýip habarçy aýtdy.

Ol 1 dollaryň bahasynyň gara bazarda şu günki gün 21 manada durýandygy sözüne goşdy.

Dollaryň resmi kursy Türkmenistanyň Merkezi bankynda henizem 3.5 manatlygynda saklanyp galýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG