Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýa güýçleriniň rus harby uçaryny urup ýykmagynda Ysraýyly aýyplaýar


Orsýetiň "Ilýuşin Il-20” kysymly harby uçary
Orsýetiň "Ilýuşin Il-20” kysymly harby uçary

Moskwa Siriýanyň howa hüjümlerinden goranyş güýçleriniň tötänlik bilen Orsýetiň bir gözegçilik uçaryny gündogar Ortaýer deňziniň asmanynda urup gaçyrandygyny habar berdi. Orsýet muny 15 sany rus harbysynyň ölmegine sebäp bolan Ysraýylyň oýlanyşyksyz hereketleri diýip atlandyrýar.

Orsýetiň goranmak ministrligi 18-nji sentýabrda çap eden beýanatynda Ysraýylyň Siriýadaky nyşanalara hüjüm edýän pilotlary “Orsýetiň uçaryny bukalga hökmünde ulanyp, ony Siriýanyň howa hüjümlerinden goranyş güýçleriniň açan oduna duçar edendigini” aýtdy.

Ýurduň goranmak ministri Sergeý Şoýgu Moskwada žurnalistlere: “Orsýetiň uçarynyň atylyp, onuň ekipažynyň öldürilmeginde doly günäkär Ysraýyl tarapy” diýdi.

Ol soňra hem: “Orsýetiň goranmak ministrligi ençeme gezek, dürli koordinasiýa kanallarynyň üsti bilen, Ysraýyl tarapyny Orsýetiň Siriýa territoriýasyndaky harby işgärlerine howp abandyrmagy mümkin zarbalardan saklanmaga çagyrdy” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow hem žurnalistlere Kremliň “bu ýagdaý barada gaty aladalanýandygyny” aýtdy.

Ysraýyl aýyplanmazdan birnäçe sagat öň, Orsýetiň goranmak ministrligi "Ilýuşin Il-20” kysymly uçaryň bir gün mundan ozal Siriýanyň kenaryndan 35 kilometr aralykda ýerli wagt bilen sagat 11-de radardan ýitirim bolandygyny habar berdi.

Ministrligiň aýtmagyna görä, Ilýuşin Ysraýylyň F-16 kysymly söweş uçarlary Siriýanyň Latakiýa welaýatyndaky desgalaryna hüjüm eden wagtlarynda radardan ýitirim bolupdyr.

Şol maglumatda uçaryň Siriýanyň demirgazyk-günbatar welaýaty Latakiýadaky Hmeýmim howa bazasyna dolanyp gelýärkä hüjüme uçrandygy aýdylýar. Orsýetiň ýaragly güýçleriniň saldamly bölegi Hmeýmimde ýerleşýär. Hmeýmim şol bir wagtda-da, Orsýetiň Siriýadaky gozgalaňçy toparlara howa zarbalaryny urýan esasy bazasydyr.

Ors häkimiýetleri uçaryň bölekleriniň Baniýas şäheriniň 27 kilometr günbataryndan tapylandygyny habar berdiler.

Orsýetiň bu aýdýanlary barada Ysraýyl ýa Siriýa tarapyndan berlen beýanat entek ýok. Ýöne Moskwa bu hadysanyň Tel-Awiw bilen bolan gatnaşyga zyýan ýetirmegi mümkin diýip, duýduryş berdi.

“Ysraýyl harbylarynyň jogapkärçiliksiz hereketleriniň netijesinde Orsýetiň 15 sany harby işgäri ýogaldy. Bu Orsýet-Ysraýyl hyzmatdaşlygynyň ruhuna asla gabat gelenok” diýip, Orsýetiň Goranmak ministrliginiň sözçüsi Igor Konaşenkow aýtdy.

Ol soňra hem şeýle diýdi: “Biz jogap hökmünde degişli çäreleri öz hukugymyz hasaplaýarys”.

Agtaryş işlerini ýola goýan Orsýet siriýa hökümetiniň protestçileri basyp ýatyrmagy bilen, 2011-nji ýylyň martynda başlan Siriýa konfliktiniň tutuş dowamynda prezident Başar al-Assady goldap geldi.

Moskwa uçaryň Siriýa güýçleri tarapyndan atylyp gaçyrylandygyny yglan etmezden öň, şol wagtlarda Fransiýanyň Auwergne frigatyndan hem raketa atylandygyny aýtdy. Ýöne Fransiýanyň harbylary bu işde elleriniň ýokdugyny aýdýarlar.

Pentagonyň sözçüsi hem Birleşen Ştatlaryň bu hadysada eliniň ýokdugyny aýtdy. Ýöne ady agzalmadyk bir amerikan resmisi Waşingtonyň Orsýetiň gözegçilik uçaryny Siriýa hökümetiniň tötänlik bilen atyp gaçyrandygyna ynanýandygyny aýdypdyr.

Siriýany howa hüjüminden goranyş raketa sistemalary bilen üpjün eden Orsýet bolup, ýöne rus uçaryny atyp gaçyranyň şolaryň biridigi belli däl.

Ondan ozal Siriýanyň resmi habar gullugy “SANA” 17-nji sentýabrda giçlik Latakiýa welaýatynda dürli ýerlere raketa atylandygyny habar berdi.

Döwlet mediasynyň maglumatyna görä, bu partlamalary döreden Ysraýylyň zarbalary diýlip çaklanýar.

17-nji sentýabrda Soçide duşuşan Putin bilen onuň türk kärdeşi Rejep Taýýyp Erdogan Siriýanyň demirgazyk-günbatar welaýaty Idlibde hökümet güýçleri bilen bu ýerdäki gozgalaňçy söweşijileri biri-birinden aýyrmak üçin ýaragsyzlandyrylan zona döretmak barada ylalaşdylar.

Siriýa urşunda gozgalaňçy toparlary goldaýan Türkiýäniň ýurduň demirgazygynda ýaragly güýçleri bar.

XS
SM
MD
LG