Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanyň sudy ozalky premýer-ministr Nawaz Şarifi türmeden boşatdy


Sud jaýynyň daşynda duran goldawçylar “Premýer-ministr Nawaz Şarif” diýip gygyryşdy.

Pakistanyň sudy ozalky premýer-ministr Nawaz Şarife, onuň gyzyna we giýewisine korrupsiýa aýyplamalary esasynda berlen türme tussaglygyny togtatmaly diýen karara geldi.

Yslamabadyň Ýokary sudy 19-njy sentýabrdaky sessiýasynda Şarifi, Marýam Nawazy we Mohammad Safdary girew esasynda, olaryň şikaýat diňlenişigine çenli, türmeden boşatmagy buýurdy.

Sud bu üç adamyň her biriniň 500 müň rupi ($4,000) girew goýanyndan soň boşadylmalydygyny aýtdy.

Sud jaýynyň daşynda garaşyp duran onlarça goldawçysy bu karar yglan edilenden soň “Premýer-ministr Nawaz Şarif” diýip gygyryşdy.

"Bu günki karar adalat üçin ýeňiş” diýip, ozalky daşary işler ministri Khawaja Asif aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG