Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RUSADA garşy girizilen gadagançylyklar ýatyryldy


Dopinge Garşy Bütindünýä Agentligi (WADA)

Dopinge Garşy Bütindünýä Agentligi, ýagny WADA, onlarça türgeniň garşylygyna garamazdan, Russiýanyň dopinge garşy edarasy – RUSADA girizilen gadagançylyklary ýatyrdy.

WADA-nyň prezidenti Kreg Ridie (Craig Reedie) 12 agzalyk dolandyryjy komitetiň “aglabasynyň” RUSADA garşy girizilen üç ýyllyk gadagançylygyň aradan aýrylmagyna ses berendigini aýtdy.

2015-nji ýylda rus hökümetiniň başda durmagynda sportda gadagan edilen serişdeleriň ulanylandygy baradaky hasabatdan soň, RUSADA çetleşdirilipdi.

Moskwa doping meselesinde hökümetiň eliniň bardygy baradaky maglumatlary ret etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG