Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda awtobus ýük ulagy bilen çaknyşdy


Owganystanyň magistral ýoly. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Owganystanyň günbatarynda ýolagçy awtobusyň ýük ulagy bilen çaknyşmagy netijesinde azyndan 15 adam, şol sanda üç aýal we bir çaga öldi.

Farah welaýatynyň Bakwa etrabynyň Pozak sebitinde ýüze çykan hadysada başga-da azyndan 30 töweregi adam ýaralandy.

Farah welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili Azatlyk Radiosyna awtobusyň Herat welaýatyndan Gandagara tarap ýola düşendigini mälim etdi.

Ýerli polisiýa hadysanyň ýüze çykan pursady awtobusyň rugsat berleninden has uly tizlik bilen hereket edendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG