Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohany Eýranyň raketalaryndan el çekmejegini aýdýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, Birleşen Ştatlaryň basyşlaryna garamazdan, Tähranyň öz raketalaryndan el çekmejekdigini aýtdy.

Rohani bu sözleri 1980-88-nji ýyllardaky Eýran-Yrak urşunyň başlanan gününiň ýyl dönümi mynasybetli sözlän sözünde aýtdy, onuň çykyşy telewideniýede göni alnyp görkezildi.

"Eýran öz goranyş ýaraglaryndan,şol sanda Amerikanyň gaty gaharyny getirýän raketalaryndan hem el çekmez” diýip, Rohani aýtdy.

Eýranyň 3,500 kilometr aralyga ýetýän, Ysraýyla we ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky bazalaryna ýetip biljekballistik raketalary bar.

XS
SM
MD
LG