Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ çeçen aktiwisti Titiýewiň boşadylmagy baradaky çagyryşyny gaýtalaýar


Hukuk aktiwisti Oýub Titiýew 27-nji awgustdaky sud mahalynda.
Hukuk aktiwisti Oýub Titiýew 27-nji awgustdaky sud mahalynda.

Birleşen Ştatlar rus sudunyň hukuk aktiwisti Oýub Titiýewiň sud seljerişligini jemgyýetçilikden üzňe, ýapyk geçirmek kararyny ýazgardy we Titiýewi azat etmek baradaky çagyryşyny gaýtalady.

“Biz düýnki habardan, sudýanyň çeçen adam hukuklaryny goraýjysy, esassyz neşe saklamak aýyplamasynda aýyplanýan Oýup Titiýewiň sudyny daşarky synçylar üçin ýapyk geçirişmek barada gelen kararyndan alada galdyk” diýip, döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Maýkl Mörfi (Michael Murphy) 21-nji sentýabrda aýtdy.

“Halkara jemgyýetçiliginiň nazary bu işde we Çeçenistandaky adam hukuklary ýagdaýynda saklanyp galýar. Biz ýene-de onuň boşadylmagyna çagyrýarys” diýip,Mörfi aýtdy.

Biraz öň Orsýetiň “Memorial” adam hukuklary merkezi Çeçenistandaky sudýanyň Orsýetdäki tanymal adam hukuklary aktiwistleriniň biri Titiýewiň sud seljerişligini ýapyk gapylaryň arkasynda geçirmegi buýrandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG