Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Owganystanda bolan ýol hadysasynda azyndan 15 adam öldi


 Hyrat welaýaty, ýol hadysasynda 23 adam öldi. 31-nji awgust, 2014 ý. Arhiw suraty
Hyrat welaýaty, ýol hadysasynda 23 adam öldi. 31-nji awgust, 2014 ý. Arhiw suraty

Günbatar Owganystanyň häkimiýetleri 21-nji sentýabrda ýurduň Kabul bilen Hyrady bir-birine baglaýan 1-nji uly halka ýolunda awtobus bilen ýük maşyny çakyşanda azyndan 15 adamyň heläk bolandygyny aýdarlar.

Günbatardaky Farah welaýatynyň Bakwa etrabynyň Pozak diýen ýerinde bolan hadysada azyndan 30 adam bolsa ýaralandy diýip, resmiler aýtdylar. Farah welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Nasir Mehri Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde Hyrat welaýatyndan Kandagara barýan ýolagçy awtobusynyň heläkçilige uçranadygyny gürrüň berdi.

Farahyň welaýat polisiýasynyň başlygynyň sözçüsi Mohibullah Mohib awtobusyň sürüjisiniň hadysa bolan wagtynda maşyny örän ýokary tizlikde sürendigini aýtdy.

Uly ýollaryň ýaramazlygy, sürüjileriň geleňsizligi we ugruna gowy seredilmeýän awtoulaglar zerarly owgan ýollarynda her ýyl ýüzlerçe adam heläk bolýar.

XS
SM
MD
LG