Türkmenistanyň ýokary kanun çykaryjy guramasy bolan Halk maslahatynyň mejlisi 24-25-nji sentýabrda, garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriler diýip, “Trend” habar gullugy türkmen hökümetine salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň garaşsyzlyk baýramy şu ýyldan başlap 27-nji sentýabrda, geçen ýyl Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlarynyň tamamlanan gününde bellener. Mundan öň Türkmenistanyň garaşsyzlyk baýramy respublikanyň döredilen gününde, 27-nji oktýabrda bellenilýärdi.
Türkmenistanyň Halk maslahaty ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň inisiatiwasy bilen döredildi we tebigy gazy, suwy, elektrigi ilata mugt bermek, ömürlik prezidentligi we ömürlik tussaglygy girizmek ýaly teklipleri kanunlaşdyrmakda ulanyldy.
Türkmenistanyň ikinji prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2008-nji ýylda parlamentden ýokarda goýlan Halk maslahatyny ýatyryp, Ýaşulular maslahatyna öwürdi we onuň kanun çykaryjylyk ygtyýarlyklaryny aýyrdy.
Emma ol geçen ýylyň oktýabrynda, Ýaşulular maslahatynyň soňky mejlisinde S.Nyýazowyň mugt gaz, suw we elektrik syýasatyny ýatyryp, Halk maslahatyny dikeltmek kararyna geldi.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?