Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Sakgaly sebäpli oýuna goýberilmedik täjik futbolçysy Minskde tussag edildi


Parwiz Tursunow

Belarus resmileri Täjigistanda sakgaly sebäpli oýuna goýberilmedik ozalky täjik futbolçysyny tussag etdiler. Bu barada Parwiz Tursunowyň aýaly Azatlyk Radiosyna habar berdi.

2011-nji ýylda Täjigistanyň Futbol Federasiýasy 43 ýaşly Tursunowdan sakgalyny gysgaltmagyny talap edipdi. Futbolçy mundan ýüz öwüreninden soň, ol milli çempionatyň oýunlaryna goýberilmedi.

Täjigistanda sakgaly goýbermek kanun taýdan gadagan däldir. Emma, häkimiýetler näresmi ýagdaýda 50 ýaşdan bärdäki erkekleriň sakgalyny ösdürmegine garşy çykýarlar.

Tursunow 17-nji sentýabrda Polşadan Minskiň aeroportyna gelen pursady tussag edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG