Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Norwegiýada içalylyk aýyplamalarynda rus raýaty tussag edidi


Norwegiýanyň polisiýasy.
Norwegiýanyň polisiýasy.

Norwegiýada bir rus raýaty bikanun aňtaw hereketleri üçin tussag edildi diýip, norweg resmileri maglumat berýärler.

Norwegiýanyň habar serişdeleri gürrüňi gidýän şahsyýetiň 21-nji sentýabrda paýtagt Oslonyň çetindäki Gardermoen aeroportynda ele salynandygyny habar berdiler.

Şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmadyk rus raýaty, 22-nji sentýabrda Oslonyň etrap sudundaky diňlenişikden soň, tussag astyna alyndy. Polisiýa, deliller öwrenilýänçä, onuň iki hepde gözenegiň aňyrsynda saklanjakdygyny mälim etdi.

Rus raýaty Norwegiýanyň parlamentinde geçirilen seminardan soň, bikanun aňtaw hereketlerini amala aşyrmakda şübhelenýär.

XS
SM
MD
LG