Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewanda geçen saýlawlarda Paşiniýanyň blogy ýeňiş gazandy


Aktýor we prodýuser Haýk Marutiýan.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýanyň blogy paýtagt Ýerewanda geçirilen munisipal saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazandy. Muňa ýurduň täze ýolbaşçysynyň syýasy kuwwadynyň synagy hökmünde garaldy.

Merkezi Saýlaw Komissiýa Paşiniýanyň Meniň ädimim blogunyň sesleriň 81%-ni alandygyny mälim etdi. Bu bloguň esasy kandidaty, aktýor we prodýuser Haýk Marutiýanyň Ýerewanyň häkimi saýlanmagy üçin ýol açýar.

Resmi maglumata görä, saýlawlara ses bermäge hukugy bolanlaryň 43.7%-i gelipdir. Ozalky, 2017-nji ýylda geçirilen munisipal saýlawlarynda bu görkeziji 41%-e deň bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG