Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ÝHHG-daky missiýasy Türkmenistandaky adam hukuklary boýunça aladalaryny beýan etdi


ÝHHG
ÝHHG

Birleşen Ştatlaryň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky missiýasy Türkmenistandaky zorlukly ýitirim edilmeler babatda 21-nji sentýabrda beýanat ýaýratdy. Ýaýradylan beýanaty ÝHHG-niň Adam ölçegleri boýunça golaýda Warşawada geçiren duşuşygynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri boýunça orunbasarynyň kömekçisi Maýkl Mörfi (Michael Murphy) jemgyýetçilige ýetirdi.

Beýanatda Türkmenistanyň türmelerinde ýitirim edilen adamlaryň ykbaly gozgalýar, hem-de türkmen hökümetine olar boýunça çagyryş edilýär.

Onda Türkmenistan boýunça Moskwa mehanizmini ulanmak zerurlygyny ýüze çykaran ýagdaýlary gozgamagyň gatnaşyjy döwletlere baglydygy nygtalýar. Beýanatda beýleki käbir günbatar döwletleriň wekiliýetleri bilen bir hatarda, Birleşen Ştatlaryň wekiliýetiniň Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça aladalary gozgaýandygy beýan edilýär.

“Bu ýyl Türkmenistan babatda Moskwa mehanizminiň işe girizilmegine 15 ýyl dolýar. Bizde häkimiýetleriň tussag edip, ýitirim eden adamlarynyň ykbaly, olaryň nirededigi barada heniz hem ýeterlik maglumat ýok. Hökümete degişli bolmadyk guramalar ykbaly näbelli birnäçe adam barada, şol sanda ýurduň öňki daşary işler ministri we ÝHHG-daky ilçisi Batyr Berdiýewiň, öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň işlerini dokumentleşdirdiler” diýip, beýanatda aýdylýar.

K.Uotters: Biz Türkmenistandan talap edýäris - Olary diri görkeziň!
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:38 0:00

K.Uotters: Biz Türkmenistandan talap edýäris - Olary diri görkeziň!

Onda ýitirim edilenleriň gynamalara, belki-de ölüme sezewar edilendigi barada aldalar beýan edilýär.

Şeýle-de, beýanatda ýitirim edilenleriň maşgala agzalarynda olar barada hiç hili maglumatyň ýokdugy bellenip geçilýär.

Onda zorlukly ýitirim edilmeleriň ynsan mertebesini kemsidýändigi ýatladylýar, hem-de Türkmenistanyň halkara borçnamalary agzalýar. Beýanatda Raýat we syýasy azatlyklar boýunça halkara ylalaşyga, şeýle-de Gynamalara we beýleki adamkärçiliksiz jeza çärelerine garşy halkara ylalaşyga gol çekmek bilen Türkmenistanyň öz çäginde bu hukuklara hormat goýmaga borçludygy bellenip geçilýär.

Onda Türkmenistanyň täze Konstitusiýasynda adam gynamalaryň we oňa adamkärçiliksiz çemeleşilmeginiň resmi taýdan gadagan edilýändigi pozitiw çäre hökmünde bellenip, munuň Türkmenistanyň Gynamalara garşy ylalaşyk boýunça borçnamalaryny durmuşa geçirmegi bilen üstüniň ýetirilmelidigi agzalýar.

“Biz Türkmenistany mundan ozal ýitim edilen diýlip hasaba alnan adamlar boýunça olaryň maşgala agzalaryna maglumat bermäge, şol sanda olaryň häzirki wagtda nirede saklanýandygy barada maglumat bermäge çagyrýarys” diýlip, beýanatda aýdylýar. Onda halkara synçylara hem-de ýerli ilçihanalaryň diplomatlaryna tussaglykda saklanýan adamlary baryp görmäge rugsat bermäge çagyryş edilýär. Şeýle-de, tussaglykda saklanýan adamlary ýuridiki we saglyk hyzmatlary bilen üpjün etmäge, Türkmenistany BMG-niň degişli mehanizmleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge, türmelere halkara synçylaryň baryp görmegine rugsat bermäge, hem-de wagtyny dolduran tussaglary boşatmaga çagyryş edilýär.

XS
SM
MD
LG