Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Volvo ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli Eýrandaky işlerini togtatdy


Tähranyň köçesi.

Şwesiýanyň ýük ulaglaryny ýasaýan AB Volvo kärhanasy, ABŞ-nyň Tährana girizen sanksiýalary sebäpli tölegleri alyp bilmeýändigini aýdyp, Eýranda ýük ulaglaryny ýygnamak işlerini togtatdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat wekili Reuters habar agentligine maglumat berdi.

Prezident Donald Tramp maý aýynda ABŞ-ny 2015-nji ýyldaky Ýadro ylalaşygyndan çykaranyndan soň, Waşington Tährana garşy ýaňadandan sanksiýalary girizdi. Sanksiýalaryň nobatdaky tapgyry noýabrda giriziler.

Munuň netijesinde, Ýewropanyň kärhanalary Eýrana sermaýa ýatyrmak kararlaryna täzeden garamaly boldular. Häzire çenli Fransiýanyň Total nebit-gaz kärhanasy, Germaniýanyň Daimler awto-ulag kompaniýasy we Deutsche Telekom Eýrandaky işlerini togtatdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG